Kembrij uniwersiteti Saud Arabystany Patyşalygynda täze şahamçasyny açar

MilliInfo

7 Oktýabr, 2025

Dünýäniň iň abraýly hem-de gadymy ýokary okuw mekdeplerinden biri bolan Kembrij uniwersiteti Saud Arabystany Patyşalygynda şahamçasyny açmak boýunça resmi ygtyýarnama aldy. Munuň özi sebitde ýokary bilimiň derejesini has-da kämilleşdirmegiň möhüm tapgyry bolar. Şol bir wagtyň özünde hem ýerli ýaşlara öz ýurtlaryny terk etmezden, dünýäniň akademiki standartlaryna laýyk derejede bilim almak üçin ýokary derejedäki mümkinçilikleri döreder.

Ýeri gelende bellesek, Saud Arabystany dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleri bilen ýokary bilim boýunça netijeli hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Bu döwlet häzir ýokary okuw mekdepleriň ençemesi bilen bilelikdäki bilim maksatnamalar, ylmy barlaglar hem-de talyplaryň we mugallymlaryň arasyndaky akademik alyş-çalşyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo