«Türkmennebit» döwlet konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň «Kenar» toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasy tarapyndan şu ýylyň başyndan bäri 1 million 890 müň 688 tonna nebit önümleri içerki we daşarky sarp edijilere ugradylyp, ýokary netijeler gazanyldy. Degişli döwürde «Kenar» toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň üsti bilen daşarky bazarlara ugradylan nebit önümleriniň möçberi bolsa 372 müň tonnadan geçdi. Bu barada «Nebit-gaz» gazetinde habar berildi.
Nebit kärhanasynda Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan gelip gowuşýan taýýar nebit önümleri bolan awiasiýa kerosininiň, benziniň, dizel we kerosin ýangyçlarynyň, dürli ýaglaryň ýitgisiz satuwa ugradylmagy üçin hem toplaýjy-ýükleýji döwrebap mümkinçilikler döredilipdir.
Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda gazanylýan üstünliklere nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň «Kenar» toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň hünärmenleriniň goşýan goşandy diýseň guwandyryjydyr.
