Keýn — «Altyn top» baýragynyň eýesi: hüjümçi Messiden, Mbappeden we Ýamaldan öňe geçdi

MilliInfo

2 sagat öň

Keýn — «Altyn top» baýragynyň eýesi: hüjümçi Messiden, Mbappeden we Ýamaldan öňe geçdi

Mýunheniň «Bawariýa» klubunyň hem-de Angliýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň hüjümçisi Garri Keýn karýerasynda ilkinji gezek ýylyň iň gowy futbolçysy baýragyna mynasyp boldy.

«Altyn top» gowşurylyş dabarasy Londonda geçirilýär.

Keýn 33 ýaşynda. Meşhur futbolçy 2025/26 möwsüminde hüjümçi «Bawariýa» bilen Germaniýanyň çempionlygyny, Kubogyny we Superkubogyny gazandy, Angliýanyň milli ýygyndysy bilen bolsa 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi boldy — ol mundialyň ýedi duşuşygynda alty gol geçirdi. Keýn möwsümiň dowamynda, umumylykda, Mýunheniň kluby üçin 61, milli ýygyndy üçin bolsa 12 gol gieçirdi.

Dalaşgärleriň ilkinji onlugyna, şeýle-de Usman Dembele («PSŽ» / Fransiýa), Erling Holand («Mançester Siti» / Norwegiýa), Hwiça Kwarasheliýa («PSŽ» / Gruziýa), Lamin Ýamal («Barselona» / Ispaniýa), Kilian Mbappe («Real» / Fransiýa), Lionel Messi («Inter Maýami» / Argentina), Maýkl Olise («Bawariýa» / Fransiýa), Rodri («Mançester Siti», «Barselona» / Ispaniýa) we Fabian Ruis («PSŽ» / Ispaniýa) girdi.

Şonuň bilen birlikde, Keýn «Ýylyň iň gowy hüjümçisi» baýragyny hem aldy. «Barselonanyň» öňki oýunçysy Aleksiýa Putelýas 2025/26 ýyllaryň futbol möwsüminiň jemleri boýunça dünýäniň iň gowy zenan futbolçysy diýlip yglan edildi. Bu möwsümde ol Katalonyň topary bilen 10-njy gezek Ispaniýanyň çempiony boldy, tomusda bolsa Angliýanyň Zenanlar superligasynda çykyş edýän «London Siti Laýonessis» klubuna geçdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info