ABŞ-nyň Nýuark şäherinde garyşyk söweş sungaty boýunça «UFC 328» ýaryş agşamy geçiriler. Agşamynyň esasy tutluşygynda orta agramda (84 kg çenli) guramanyň häzirki çempiony Hamzat Çimaýew öz titulyyny goramak üçin ozalky çempion, amerikaly Şon Strikland bilen duşuşar.
Bu tutluşyk «UFC 328-niň» merkezi duşuşygy bolar. Ýaryşa «Матч ТВ» we «Матч Боец» teleýaýlymlary arkaly göni efirde tomaşa edip bolar. «UFC 328» 10-njy maýda (ýekşenbe güni) Aşgabat wagty bilen ir sagat 06:00-da başlanýar. Çimaýew — Strikland tutluşygynyň bolsa sagat 08:30-da başlanmagyna garaşylýar.
Hamzat Çimaýew 31 ýaşynda. Çeçende doglan türgen «UFC-de» 2020-nji ýyldan bäri çykyş edip başlady we 2025-nji ýylda orta agramda çempionlyk guşagyny eýeledi. Onuň garyşyk söweş sungatlarynda (MMA) professional derejesindäki rekordy 15 ýeňiş bolup, heniz hiç hili ýeňlişi ýokdur.
Şon Strikland 34 ýaşynda. Amerikaly türgen «UFC-däki» ýoluna 2014-nji ýylda başlady we 2023-nji ýylda orta agramda çempion boldy. Onuň professional derejedäki hasabynda 30 ýeňiş we 7 ýeňliş bar.