Balkan welaýatynyň häkimi Gazagystanyň Mangistau oblastynyň häkimi bilen duşuşdy

MilliInfo

Aktau şäherinde Balkan welaýatyň häkimi Hojamyrat Aşyrmyradow bilen Gazagystanyň Mangistau oblastynyň häkimi Nurdaulet Kylybaýewiň duşuşygy geçirildi. Duşuşykda 2025 — 2027-nji ýyllar üçin strategiki hyzmatdaşlyk maksatnamasyna hem-de sebitara hyzmatdaşlygyň ugurlaryna uly ähmiýet berildi.  

Mangistau oblastynyň häkimi Balkan welaýaty bilen aragatnaşygy ösdürmäge sebitiň doly derejede taýýardygyny tassyklady. Ol energetika, logistika, oba hojalygy, medeniýet we syýahatçylyk ýaly ugurlarda bilelikdäki taslamalar üçin ýokary mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.

Duşuşykda öňe sürlen möhüm teklipleriň biri-de serhetýaka etraplarynyň ýaşaýjylary üçin 5 günlük wiza düzgüniniň dikeldilmegi boldy. Bu başlangyç iki sebitiň arasynda ynsanperwer, medeni we ykdysady gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Mangistau oblastynyň häkimliginiň metbugat gullugynyň beren maglumatyna görä, 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda Mangistau oblasty bilen Türkmenistanyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberi 9,2 million amerikan dollaryna deň bolup, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 19% artykdyr. Şol döwürde eksportyň möçberi 2 million dollara, importyňky bolsa 7,2 million dollara barabar boldy.

Mundan başga-da, häzirki wagtda Mangistau oblastynda türkmen maýasynyň gatnaşmagyndaky 20 kärhana hereket edýär, sebitdäki bilim edaralarynda bolsa Türkmenistandan gelen 35 talyp okaýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo