Şu gün paýtagtymyzyň «Aşgabat» köpugurly stadionynda 3×3 basketbol boýunça 15 ýaşa çenli oglanlaryň hem-de gyzlaryň arasyndaky Türkmenistanyň birinjilikleri başlandy. Basketbol toparlary bilen sportuň bu görnüşiniň janköýerleriniň arasyndaky «köprä» öwrülen ýaryşa «Ýüpekçi» hojalyk jemgyýetiniň hemaýatkärlik etmegi bolsa birinjiligiň has-da täsirli geçmegine şert döretdi. Çünki bu gün gazlandyrylan içgileriň senagatynda öňdebaryjylaryň hatarynda mynasyp ornuny tapan kärhananyň «Bold», «7gen», «Softea», «Näzli», «Real» we «Bulvar» haryt nyşanly meşhur içgileri durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Bu önümler diňe tomus aýlarynda serginlediji içgi hökmünde hyzmat etmek bilen çäklenmeýärler, olar ýylyň ähli paslynda iň bir söýlüp içilýän önümler hökmünde jemgyýetimizde uly meşhurlykdan peýdalanýar. Kompaniýanyň «Buzz» haryt nyşanly gara çaýy we beýleki içgileri bolsa ýaş türgenlere hem janköýerlere iň bir lezzetli duýgulary bagyşlaýar.
Ýaryşyň birinji gününde — 11-nji sentýabrda birinjilikde çykyş etjek toparlaryň gelmegi we barlaglardan geçmegi guramaçylykly amala aşyryldy. 12-nji sentýabrda ilkinji duşuşyklar geçirilip ugraldy. Bäsleşigiň jemleýji gününde — 13-nji sentýabrda ýaýbaňlandyryljak ýarym final hem-de final duşuşyklary bolsa birinjiligiň ýeňijilerini kesgitlär.
Şeýlelikde, oglanlaryň ýaryşynda-da, gyzlaryň bäsleşiklerinde hem ýurdumyzyň dürli sebitlerinden bolan toparlaryň 11-si bäsleşýär.
Birinjilik eýýäm ilkinji pursatlaryndan gaýtalanmajak sport ruhuny döredýär. Çünki «Ýüpekçiniň» türgenleriň hem-de janköýerleriň ýanynda bolmagy bu ýerdäki bäsdeşlik gurşawyna özboluşly öwüşgin çaýýar. Şonuň üçin hem, basketbol muşdaklary häzirki günlerde gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýän ajaýyp basketbol baýramçylygynyň duşuşyklaryna ýerinde tomaşa etmäge çagyrylýar. Janköýerler üçin girişiň mugtdygyny ýatladýarys.
«Ýüpekçiniň» lezzetli içgileri bilen gyzykly basketbol baýramynyň gurşawyna has içgin aralaşyň!
