Ýolöten etrabynda döwrebap şäherçe gurlar

MilliInfo
Ýolöten etrabynda döwrebap şäherçe gurlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Karary esasynda, Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap şäherçe gurlar.  

Bu resminama «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksatlaryna gönükdirilendir.

Resminama laýyklykda, bu şäherçäni 2026 — 2030-njy ýyllarda tapgyrlaýyn gurmak bellenildi.

Gurluşyk we binagärlik ministrligine guruljak täze, döwrebap şäherçäniň baş meýilnamasyny 3 aý möhletde işläp düzmek, şäherçäniň binalarynyň we desgalarynyň gurluşyk işlerine gözegçilik etmek üçin öz garamagynda Gurulýan desgalaryň direksiýasyny bellenen tertipde döretmek tabşyryldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info