Täze «Kia Sorento 2026» tanyşdyryldy. Ol ilki bilen öndüriji ýurtda — Koreýa Respublikasynda satuwa çykarylar. Onuň bahasy 25 müň 800 dollar bolar.
Nusganyň esasy görnüşleri eýýäm giňeldilen howpsuzlyk ulgamlaryna we häzirki zaman tehnologiýalaryna eýe boldy. «Lane Keeping Assist 2» tehnologiýasy we ruluň tutuşlygyna dolandyryş ulgamlary ähli nusgalarda ornaşdyryldy.
Awtomobiliň «Noblesse» nusgasynda «Digital Key 2» sanly açary we duýgur daşky gapy tutawaçlary ornaşdyryldy. Dört sütünli täze nusgadaky rul we gapydaky LED yşyklandyrylyşy netijesinde awtoulagyň içgi bezegi has-da kämil görnüşe getirildi. Onuň gibrid hem-de «Signature» nusgalary Koreýa Respublikasynyň bazary üçin salgyt ýeňilliklerini saklap galdy we 19 dýuýmlyk tigirleri aldy. «Gravity» derejesiniň ornuna bolsa indi has çylşyrymly dizaýny hem-de beýleki täsirli artykmaçlyklary bilen tapawutlanýan «X-Line» nusgasy çykarylar.