«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady

MilliInfo

21 Awgust, 2025

Aşgabatda «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda guralýan giň gerimli gözden geçirilişde çagalar üçin harytlar we hyzmatlar pudagynda iş alyp barýan ýurdumyzyň we daşary döwletleriň öňdebaryjy kompaniýalary öz önümlerini görkezýärler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň sergi-ýarmarka gatnaşyjylara ýollan Gutlagynyň okalmagy bilen başlanan gözden geçirilişiň açylyş dabarasy ajaýyp aýdym-sazlara beslendi.

Giň gerimli gözden geçirilişde hödürlenýän önümler Watanymyzda çagalaryň bagtyýarlygy ugrunda edilýän aladalaryň ähli zatdan ileri tutulýandygyny tassyklaýar.

Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda mekdep harytlaryny özünde jemleýän pawilýonlaryň aýratyn gyzyklanma döretjekdigi ikuçsuzdyr. Bu ýerde sapaklar üçin ähli zerurlyklary — okuw esbaplaryny we gollanmalary, çagalar üçin niýetlenen mebelleri diňe bir synlap däl, eýsem, amatly bahadan satyn alyp hem bolýar.

Serginiň ilkinji gününde ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň diwarlyklary bu ýere gelýänleriň ýokary gyzyklanmasyna eýe bolýar. Olaryň öndürýän önümleriniň görnüşlere baýdygy hususy pudagyň ägirt uly mümkinçiliklere eýediginiň aýdyň beýanyna öwrülýär.

Sergä gatnaşýanlaryň hatarynda çagalar üçin dürli önümleriň satuwyny amala aşyrmaga ýöriteleşen iri söwda platformalary we internet dükanlary hem bar.

Ajaýyp serginiň giň hem täsirli medeni maksatnamasy çagalaryňyzda ýatdan çykmajak täsirleri döreder. Şonuň üçin hem, gyzykly gözden geçirilişe gatnaşmaga howlugyň!

Sergi üç gün dowam eder.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo