25-nji fewralda Tbilisiniň Kino öýünde döwletara gepleşikleri ösdürmekde, özara düşünişmegi berkitmekde hem-de ýurtlaryň we halklaryň arasynda berk ynamy pugtalandyrmakda medeniýetiň möhüm ornuny açyp görkezýän «Medeniýet dünýäni halas eder» atly gruzin dokumental filminiň ilkinji görkezilişi geçirildi.
Kinoflmde Türkmenistanyň, Hytaýyň we Gruziýanyň medeniýetleriniň köpdürliligi görkezilýär. Olaryň medeniýetara gepleşikleri ösdürmäge we ynsanperwer hyzmatdaşlygy berkitmäge goşýan goşantlaryna aýratyn üns berilýär.
Bu çärä Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D.Seýitmämmedow, Hytaý Halk Respublikasynyň Gruziýadaky ilçisi Ç.Szýan, Gruziýanyň Parlamentiniň Bilim, ylym we ýaşlar meseleleri baradaky komitetiniň agzasy W.Božadze, filmiň režissýory T.Malaniýa, şeýle hem Gruziýanyň ylmy we döredijilik işgärleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D.Seýitmämmedow öz çykyşynda türkmen-gruzin gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmakda ýokary derejeli saparlaryň, şeýle hem medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm orny eýeleýändigini belledi.
Ol häzirki wagtda parahatçylyk we ynyşmak ýörelgeleriniň aýratyn ähmiýete hem-de gymmata eýe bolýandygyny aýtdy. Ilçi bu filmiň halklary has-da ýakynlaşdyrmak we parahatçylygy berkitmek üçin berk binýat bolup durýan medeni diplomatiýanyň ösmegine uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Mundan başga-da, çykyş edenler ýurtlaryň we halklaryň arasynda parahatçylykly hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça tagallalary birleşdirmekde medeniýetiň möhüm gural hökmünde ägirt uly ornuny tassykladylar.