Hytaý Halk Respublikasy täze hünärleriň 12-sini resmi taýdan ykrar etmegi meýilleşdirýär

MilliInfo

5 Iyul, 2026

Hytaý Halk Respublikasy täze hünärleriň 12-sini resmi taýdan ykrar etmegi meýilleşdirýär

Hytaý Halk Respublikasynyň çalt depginler bilen ösýän ykdysadyýeti iş üpjünçiliginiň täze görnüşlerini döredýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurduň Zähmet we durmuş üpjünçiligi ministrligi 12 sany täze hünäri milli klassifikatora (hünärleriň resmi sanawyna) girizmek niýetini mälim etdi.

Olaryň arasynda emeli aň bilen işlemeli hünärlerem bar. Meselem, emeli aň gurnalan robototehnika bilen işleýän hünärmenler, sanly tehnologiýalryň inženerleri, sport maglumatlarynyň analitikleri we başgalar. Şeýle hem ozaldan bar bolan hünärleriň çäginde birnäçe täze ugurlar goşular: emeli aňly botlary işläp düzüjiler, täze energiýa çeşmeleri bilen işleýän ulaglaryň howpsuzlyk gözegçileri we ýaşuly adamlar üçin interýer dizaýnerleri.

2019-njy ýyldan bäri bu edara jemi 110 sany täze hünärden ybarat bolan toplumyndan ýedisini tassyklady. Hünärler resmi sanawa goşulandan soň, degişli hünärmenler dürli goldaw maksatnamalaryna gatnaşmaga hukuk alarlar. Mundan başga-da, täze wezipeleriň her biri üçin hünär taýýarlygynyň we hünär derejesini bahalandyrmagyň bitewi standartlary işlenip düzülýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info