Hytaýyň «China Mobile» operatory dünýäde ilkinji kiçi göwrümli altynjy nesil 6G ulgamynyň synag aragatnaşyk torunyň işe başlandygyny habar berdi. Synag infrastrukturasy 10 esasy stansiýany öz içine alýar. «MyDrivers» tarapyndan berlen habarda aýdylyşy ýaly, taslama gözleg maksatlary bilen durmuşa geçirilýär we entek täjirçilik maksady bilen ulanylmaýar.
Operatoryň maglumatlaryna görä, synag wagtynda sekuntda 280 gigabaýta çenli maglumat geçiriş tizligi gazanylyp, munuň özi 5G torunyň teoretiki iň ýokary görkezijisinden 14 esse uludyr. Bu tizlikde 50 gigabaýt göwrümi bir ýarym sekundyň dowamynda geçirip bolýar. Elbetde, bu häzirki zaman kabel geçirijili çözgütleriň mümkinçiliklerinden ep-esli çaltdyr.
Häzirki meýilnamalara görä, Hytaýda altynjy nesil torlarynyň doly göwrümli ornaşdyrylmagy 2028-nji ýyldan başlanyp biler.