Kitap alyş-çalyş maksatnamalary — türkmen-koreý bilim hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry

MilliInfo

1 sagat öň

Kitap alyş-çalyş maksatnamalary — türkmen-koreý bilim hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen Koreýa Respublikasynyň Milli Parlament kitaphanasynyň ýolbaşçysy Hwan Jon Gynyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Bu ýerde Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda bilim, ylmy-maglumat we medeni mirasy aýawly saklamak ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklar soňky ýyllarda has-da ösdürilýär. Şunda bilim ulgamy aýratyn orun eýeleýär. Duşuşykda türkmen ýaşlarynyň koreý dilini we medeniýetini öwrenmäge bolan gyzyklanmasynyň ýokarydygy bellenildi. 

Gepleşikleriň dowamynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ösdürmek boýunça birnäçe teklipler öňe sürüldi. Şolaryň hatarynda Koreýa Respublikasynyň Milli Parlament kitaphanasy bilen akademik hyzmatdaşlygy ýola goýmak, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň kitaphananyň elektron we bibliografik maglumat gorlaryndan peýdalanmak mümkinçiliklerini öwrenmek baradaky başlangyçlar bar.

Şeýle-de özara kitap alyş-çalyş maksatnamalaryny durmuşa geçirmek teklip edildi. Bu ugurda akademik neşirleriň, elektron maglumat çeşmeleriniň, bibliografik maglumatlaryň we audiowizual materiallaryň özara alyş-çalşygyny ýola goýmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hyzmatdaşlygyň türkmen bilim merkezleriniň koreý dili, hukuk we döwlet dolandyryşynyň innowasion tejribesi boýunça maglumat çeşmelerine elýeterliligini giňeltmäge, şeýle hem koreý ylmy-gözlegçileriniň Türkmenistanyň baý taryhy, medeni we ylmy mirasy bilen tanyşmagyna ýardam berjekdigi bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda bilim, ylmy-maglumat we medeni hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açmak, özara tejribe alyşmagy giňeltmek hem-de öňe sürlen başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça ikitaraplaýyn gyzyklanmanyň bardygy nygtaldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info