Türkmen futbolynyň klassikasy: «Ahal» «Altyn Asyr» bilen duşuşar

MilliInfo

18 Awgust, 2025

Türkmenistan futbol çempionatynyň 18-nji tapgyrynyň oýunlarynyň tertibi belli boldy. Duşuşyklar 19-njy we 20-nji awgustda geçiriler.

Tapgyryň merkezi duşuşygy «Ahal» bilen «Altyn Asyryň» arasynda geçer. Bu derbi 20-nji awgustda, çarşenbe güni paýtagtymyzyň «Nusaý» stadionynda geçiriler. Oýnuň başlanýan wagty — 17:45.

Häzir «Ahal» 33 utuk bilen ýaryş tertibiniň ikinji basgançagynda ýerleşýär. «Altyn Asyr» bolsa 29 utuk bilen üçünji orny eýeleýär.

Janköýerler toparlaryny goldamak we möwsümiň iň garaşylýan oýunlarynyň birine şaýat bolmak üçin gelip bilerler. Giriş tölegsiz.

18-nji tapgyryň doly oýun tertibi:

19-njy awgust (şenbe):

«Şagadam» – «Arkadag»
«Şagadam» stadiony, Türkmenbaşy şäheri
Başlaýan wagty — 18:00

«Köpetdag» – «Aşgabat»
«Köpetdag» stadiony, Aşgabat şäheri
Başlaýan wagty — 18:00

«Nebitçi» – «Merw»
Sport toplumy, Balkanabat şäheri
Başlaýan wagty — 18:15

20-nji awgust (çarşenbe):
«Ahal» – «Altyn Asyr»
«Nisa» stadiony, Aşgabat şäheri
Başlaýan wagty — 17:45.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo