Klaustal tehniki uniwersitetiniň (TU Clausthal, Germaniýa) halkara hünärmenleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanda geçirilen akademiki we tehniki seminarlar tapgyry üstünlikli tamamlandy.
Bu möhüm çäreler Ýewropa Bileleşigi (ÝB) hem-de Germaniýanyň Federal Daşary işler edarasy tarapyndan bilelikde maliýeleşdirilýän we «Deutsche Gesellschaft für Internationale Zusammenarbeit (GIZ) GmbH» tarapyndan amala aşyrylýan «Ýewropa Bileleşigi (ÝB) ýaşyl Türkmenistan üçin: 2024–2029-njy ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler» taslamasynyň çäklerinde guramaçylykly geçirildi.
Geçirilen bu okuw maslahaty germaniýaly hünärmenleriniň mart aýyndaky saparynyň amaly dowamy boldy. Şol saparyň çäklerinde türkmen hünärmenleri gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulgama girizmek hem-da emeli intellekti ulanmak arkaly guýularyň bitewüligini üpjün etmegiň innowasion usullary bilen tanşypdylar. Bu gezekki tapgyr bolsa Türkmenistanyň Ählumumy Metan Borçnamasy (GMP) boýunça üstüne alan borçnamalaryny amaly taýdan goldamaga we milli ylmy mümkinçiligi ýokarlandyrmaga gönükdirildi.
Seminaryň maksatnamasy ýurdumyzyň öňdebaryjy ylmy-barlag we ýokary bilim edaralaryny öz içine aldy:
• 13-nji oktýabr (Aşgabat): «Türkmengaz» DK-nyň Ylmy barlag Tebigy Gaz institutynda germaniýaly bilermenler we milli hünärmenler OGMP 2.0-nyň esasy ýörelgelerini, metan zyňyndylarynyň syzmalaryny anyklamak we abatlamak (LDAR) usullaryny, köp spektrli suratlary, real wagtda paýlanan sensor ulgamlaryny, şeýle hem maglumatlary barlamak we gaýtadan işlemek üçin amaly emeli intellekt ulanylyşlaryny gözden geçirdiler.
• 14–15-nji oktýabr (Mary): Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda gatnaşyjylar gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň, şol sanda geotermal we wodorod tehnologiýalarynyň, biomassadan peýdalanmagyň, energiýany özgertmegiň tehnologiýasynyň we Türkmenistan üçin energiýa ulgamynyň modelirlemeginiň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Bu ýerde bellenilşi ýaly, Klaustal tehniki uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygyň ulgamlaýyn häsiýeti mart aýynda gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça geçirilen okuw maslahatlaryndan başlap, metan gözegçiligi boýunça geçirilen okuw maslahatlaryna çenli öňdebaryjy ýewropa akademiki tejribesini amaly ulanylyşa öwürýär. Bu okuw maslahatlary milli bilermenleriň tehniki mümkinçiliklerini güýçlendirýär, Metan boýunça Maglumat we seljeriş merkeziň binýadyny pugtalandyrýar we Türkmenistanyň energiýa pudagynyň uzak möhletli howa durnuklylygy üçin berk esas döredýär.
Yzygiderli akademiki alyş-çalyş halkara ylmy jemgyýetçiligi bilen Türkmenistanyň energetika pudagynyň arasynda ygtybarly köpri gurýar we sebitiň ýaşyl özgertme maksatlaryny goldaýar.
