Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekiliýeti aýanlyk boýunça iki ýyllyk hasabatlary (BTR) taýýarlamakda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmak boýunça amaly okuw maslahatyna (treninge) gatnaşýar.
Bu çäre 2026-njy ýylyň 29-njy sentýabry — 2-nji oktýabry aralygynda Stambul şäherinde geçirilýär. Türkmen wekiliýetiniň düzümine pudak edarasynyň ugurdaş hünärmenleri Derýa Derýaýew, Atamyrat Myradow we Nazar Gurbangulyýew, şeýle hem Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň Türkmenistandaky taslama edarasynyň direktory Mergen Kepbanow girdi.
Maksatnama Pariž ylalaşygynyň çäklerinde howa meseleleri boýunça hasabatlylygyň hilini ýokarlandyrmak we tejribe alyşmak maksady bilen sebitiň bäş döwletiniň bilermenlerini bir ýere jemledi. Gatnaşyjylar parnik gazlarynyň milli kadastrlaryny taýýarlamak, milli derejede kesgitlenýän goşantlaryň (NDC) ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek, zyňyndylary azaltmagy bahalandyrmak we edaralaryň arasyndaky maglumat alyş-çalşygyny kämilleşdirmek meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşýarlar.
Çäräniň tertibi amaly tapgyrlary, halkara bilermenleriň maslahatlaryny hem-de howa hasabatlylygynyň usullary bilen işlemegi öz içine alýar. Bu bolsa her bir döwlet üçin amatly we netijeli çemeleşmeleri işläp düzmäge mümkinçilik berýär.
