Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Bitaraplygyna bagyşlanan eseri ýapon dilinde neşir edildi

MilliInfo

1 sagat öň

Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Bitaraplygyna bagyşlanan eseri ýapon dilinde neşir edildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Täze eseriň ýapon diline terjime edilmegi bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň zehininden dörän kitabyň dünýä giňişligindäki okyjylarynyň sanynyň has-da artmagyny şertlendirdi.

Hormatly Prezidentimiziň bu kitaby Bitaraplyk syýasatyna esaslanýan çuňňur syýasy, taryhy, durmuş-ykdysady, ruhy-medeni we ynsanperwer ähmiýetli döwrebap pikirlenişe daýanýan mazmuna eýedir. Kitapda türkmen Bitaraplygynyň gadymy gözbaşlary, taryhy ähmiýeti, döwletimiziň Bitaraplyk hukuk derejesi, onuň häzirki zaman derwaýys meseleleriň oňyn çözülmegindäki orny düýpli açylyp görkezilýär.

Dabarada Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hirosi Sasaki çykyş edip, bu çäräniň iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça ösdürilýändigini alamatlandyrýan waka öwrülendigini nygtady. Şeýle hem ol bu wakanyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň täze eseriniň ýapon diline terjime edilen neşiri bilen tanyşdyrmak we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ähmiýetini açyp görkezmek ýaly wajyp ugurlary öz içine alýandygyna ünsi çekdi.

«Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabyň ýapon okyjylaryna ýetirilmegi iki halkyň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly goşant hökmünde kabul edildi. Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň rowaçlanýandygyny aýdyň äşgär edýän bu çäre ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli çözülýändiginiň we bu ugurda medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklaryň netijeli ösdürilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

Täze kitap ýokary çaphana usulynda neşir edildi. Onuň sahypalarynda şekillendiriş sungatynyň dürli eserleri ýerleşdirilip, bezeg aýratynlyklarynа möhüm ähmiýet berlipdir.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info