«Apple» kompaniýasy 9-njy sentýabrda geçirilen güýz tanyşdyrylyş dabarasynda «iPhone 18 Pro» we «iPhone 18 Pro Max» modellerini resmi taýdan görkezdi. Ýöne adaty «iPhone 18», «iPhone 18e» hem-de «iPhone Air 2» modelleri tanyşdyrylmady.
Olaryň 2027-nji ýylyň birinji ýarymynda hödürlenmegine garaşylýar.
Çaklanyşy ýaly, satuw möçberi boýunça hataryň esasy modelleriniň biri adaty «iPhone 18» bolar. Oňa 1,5K durulykdaky we 120 Gs täzeleniş ýygylygyndaky 6,3 dýuýmlyk OLED-displeý beriljekdigi aýdylýar. Smartfon «Dynamic Island» we ýüzüňi tanaýan «Face ID» ulgamyny saklap galar.
Esasy täzelikleriň biri hem öndürijiligi we energiýa netijeliligini, energiýa mümkinçiligini ýokarlandyrmak wezipesi 2 nanometrli bir kristally «A20» ulgamyna degişli bolar. Esasy kamera 48 MP bolan iki sany moduldan ybarat bolup, batareýanyň kuwwaty ozalky görnüş bilen deňeşdirende has artdyrylar.
Şeýlelik bilen, adaty «iPhone 18» birbada birnäçe möhüm gowulandyrmalary alyp biler, ýöne olar üçin, ähtimal, goşmaça harajat bellener: deslapky maglumatlara görä, «Apple» kompaniýasy smartfonyň bahasyny ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär.
