Türkmen agyr atletikaçylary 5 — 11-nji iýul aralygynda Kolumbiýa Respublikasynyň Kali şäheri geçýän ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatyna diýseň şowly başladylar.
Gyzlaryň 53 kilogram agram derejesindäki ýaryşynda ildeşlerimiziň ikisi hormat münberine çykmagyň hötdesinden geldi. Ştangany silterläp götermekde 86, itekläp galdyrmakda 105, şeýle-de iki görnüşiň jemi boýunça 191 kilogram agyrlyklary boýun egdiren türkmen gyzy Ogulşat Amanowa altyn medallaryň üçüsini eýelemegi başardy.
Şol agramda bagtyny synan Şabnam Kerimbaýewa bolsa itekläp götermekde kümüş (105 kg), iki görnüşiň jemi boýunça bürünç (188 kg) medal gazandy.
Oglanlardan bolsa Atabek Azamatow uly üstünlige ýetdi. 116 kg görkeziji bilen ştangany silterläp götermekde altyn medala eýe bolan ildeşimiziň 249 kilogramlyk umumy netijesi ony iki görnüşiň jemi boýunça hem hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykardy. Şeýlelikde, türkmen türgeni ýurdumyzyň baýrak gaznasyny dünýä çempionatynyň altyn hem kümüş medallary bilen baýlaşdyrdy.
Ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionaty dowam edýär.
