Kolumbiýanyň 39 ýaşly «gaplaňy» Ispaniýa dolanýar

MilliInfo

12 Awgust, 2025

«Atletiko Madrid», «Çelsi» we «Mançester Ýunaýted» ýaly meşhur klublarda çykyş eden döwründe goragçylary eýmendiren, dünýäniň iň ýiti hüjümçilerinden biri bolan kolumbiýaly futbolçy Radamel Falkao Ispaniýanyň 3-nji ligasynda çykyş edýän «Real Mursia» klubuna gelip biler. Häzirki wagtda klubuň ýolbaşçylary bu transferiň tehniki we maliýe mümkinçiliklerini gözden geçirýär. Şol bir wagtyň özünde bolsa Falkao ýaly ýyldyzyň bu topara goşulmagy klub üçin uly ruhy güýç bolup biler.

Kolumbiýanyň «Millonarios» kluby bilen şertnamasy gutaransoň, täze ylalaşyk baglaşmadyk Falkao häzir erkin agentdir. Ol bu klubda geçiren 13 oýnunda 6 gol geçirdi. Häzir 39 ýaşyndaky kolumbiýaly futbolçynyň Ispaniýadaky soňky kluby «Raýo Walekano» bolup, ol bu ýerde iki möwsüm oýnady. Kolumbiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 100-den gowrak oýna gatnaşyp, 36 gol geçiren Falkao öz ýurdunda «gaplaň» lakamy bilen taryha giren şahsyýetdir.

Falkao soňky ýyllarda dürli şikesler we beýleki sebäpler bilen baglylykda, durnukly hem netijeli oýun görkezip bilmedi. «Real Mursia» kluby ozalky ýyldyzyň futbol dünýäsinde täzeden parlamagyna getirip bilermi ýa-da onuň futbol bilen hoşlaşmaly ýeri bolarmy?! Bu sowalyň jogaby bolsa heniz näbelli bolmagynda galýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info