«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy Türkmenbaşy şäheriniň Gyýanly şäherçesinde ýerleşýän iş ýeri üçin operasiýalary kämilleşdirmek boýunça hünärmeniň wezipesi boýunça boş iş ornuny açdy. Bu baradaky bildiriş «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň düýnki sanynda çap edildi.
Berlen maglumata görä, dalaşgärleriň döwlet dolandyryşy, iş dolandyryş, hukuk, syýasy ylymlar, ykdysadyýet, halkara gatnaşyklary ýa-da şoňa meňzeş ugurlar boýunça ýokary bilimi bolmaly. Degişli ugur boýunça, şol sanda nebit-gaz pudagynda gyzyklanýan taraplary bilen bagly işleri utgaşdyrmak babatda azyndan üç ýyl iş tejribesi hökmany talap bolup durýar.
Dalaşgärler türkmen, rus hem-de iňlis dillerini bilmelidir, «MS Office» («Teams», «Word», «Excel», «PowerPoint») programmalaryndan baş çykarmalydyr.
Anketalary kompaniýanyň Aşgabatdaky ofisinden alyp bilersiňiz: Aşgabat, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, jaý – 81 (B blok).
Doldurylan anketalar ofisde ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my elektron poçtasy arkaly şu bildirişiň çap edilmeginden soň iki hepdäniň dowamynda kabul edilýär. Hatyňyzda adyňyzy, familiýaňyzy, ataňyzyň adyny we wezipeňizi görkezmek hökmandyr.
Gürrüňdeşlige hödürlenen talaplara laýyk gelýän dalaşgärler çagyrylar.

