Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary» atly maslahat geçirildi.
...Ilki bilen, maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanda hereket edýän diplomatik wekilhanalar we halkara guramalar tarapyndan guralan sergini synladylar.
Maslahatyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli iberen Gutlagy okaldy.
Türkmenistnyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow maslahata gatnaşyjylary mübärekläp, ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, deňhukukly hyzmatdaşlyk, özara hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny alyp barmak bilen, jogapkärli we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde halkara giňişlikde eýeleýän abraýly ornuny yzygiderli pugtalandyrýandygyny belledi. Türkmenistanyň daşary syýasaty hem-de diplomatiýasy hemişe içerki syýasy, ykdysady, durmuş ösüşi üçin amatly daşarky şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň durnukly ösüş, ulag infrastrukturasy, daşky gurşawy goramak, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar ýaly ileri tutulýan ugurlarynyň möhüm ähmiýetine üns çekildi.
Bu gün energetika howpsuzlygy, energiýa üpjünçiligi meseleleri ählumumy gün tertibinde esasy orny eýeleýär. Türkmenistanyň öňe sürýän energetika diplomatiýasy BMG-niň işiniň wajyp bölegine öwrüldi.
Ýurdumyz ulag diplomatiýasyna-da aýratyn ähmiýet berýär. Mälim bolşy ýaly, ulag boýunça ilkinji ählumumy forum Türkmenistanda geçirildi. BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň teklibi bilen ulag arabaglanyşygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde onuň orny barada birnäçe Kararnamany kabul etdi. Geçen ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty dünýä derejeli waka boldy.
Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasy hem köptaraplaýyn tagallalary utgaşdyrmaga gönükdirilendir. BMG-niň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak, energetikada suw serişdelerini dolandyrmak, ýerleriň şorlaşmagyna garşy göreşmek, Hazar ekologik başlangyjy, Hazar ekologiýa forumyny geçirmek, BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyçlar Türkmenistanyň bu ugurdaky anyk ädimleriniň mysalydyr.
BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze türkmen diplomatlaryny hünär baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlap, milli bähbitleri goramakda we ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmakda olaryň alyp barýan işiniň uly ähmiýetini belledi. Nygtalyşy ýaly, 2026-njy ýylyň şygary milli gymmatlyklar bilen ýurduň daşary syýasy ugrunyň arasyndaky sazlaşygy alamatlandyrýar.
BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde türkmen diplomatiýasynyň möhüm ornuny nygtap, diplomatlaryň hünär baýramçylygynyň gündelik zähmeti bilen halkara dialogy pugtalandyrmaga, özara hormat goýmak hem-de deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk filosofiýasyny ilerletmäge goşant goşýan türkmen diplomatlarynyň ýokary ussatlygynyň ykrar edilmeginiň nyşany bolup durýandygyny nygtady.
Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Arsen Awagýan öz çykyşynda 18-nji fewralyň milli bähbitleri goramak, ýurdumyzyň halkara abraýyny pugtalandyrmak boýunça diplomatik gullugyň amala aşyrýan ýokary wezipesini alamatlandyrýandygyny belledi.
Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stiwen Konlon diplomatik gulluga berýän ünsi üçin Türkmenistanyň Hökümetine hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetini belledi.
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Erik Liwni häzirki döwrüň ýaş diplomatlara hünär başarnyklaryny durmuşa geçirmek hem-de öz ýurdunyň ösüşine işjeň gatnaşmak üçin uly mümkinçilikleri açýandygyny nygtady. Ol ynanyşykly gatnaşyklary ýola goýmak, özara düşünişmek sungatynyň diňe adamlara mahsusdygyny nygtap, hiç bir tehnologiýanyň şahsy dialogy we hyzmatdaşlyk gymmatlyklaryny çalşyp bilmejekdigine ynam bildirdi hem-de ýaş diplomatlara üstünlikleri arzuw etdi.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ýaş işgärlerini, şeýle-de institutyň gutardyş ýyl talyplaryny Daşary işler ministrliginiň diplomy bilen sylaglamak dabarasy boldy. Şeýle hem institutyň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde baýramçylyk konserti geçirildi.