«Ozon we klimat» atly ylmy-döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

MilliInfo

4 Oktýabr, 2025

3-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde «Ozon we klimat» atly ylmy-döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bu bäsleşik «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň, BMG-niň Senagat Ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) bilelikde yglan etmeginde geçirildi. Bu barada guramaçylar habar berdiler.

Ozon gatlagyny goramagyň Halkara güni mynasybetli geçirilen «Ozon we klimat» atly ylmy-döredijilik bäsleşiginiň esasy maksady mekdep okuwçylarynyň ozon gatlagyny goramak baradaky bilimlerini kämilleşdirmekden, ekologiýa medeniýetini kemala getirmekden, ylmy-barlag we döredijilik ukyplaryny ösdürmekden ybarat boldy.

Bäsleşige paýtagtymyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 7-12-nji synp okuwçylary gatnaşdylar. Olar «Ozon gatlagyny gorap saklamak we howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak üçin adamlar näme edip biler?» atly tema boýunça görkezme maketleri we taslama işlerini hödürlediler.

Netijede, 1-nji orna Aşgabat şäherindäki 55-nji orta mekdebiň okuwçylary Ybraýym Hallyberdiýew, Akgül Akgaýewa, Aýşa Ataýewa, Stanislaw Demidowskiý dagynyň bilelikde taýýarlan işi mynasyp boldy. Ikinji orna Aşgabat şäheriniň 15-nji orta mekdebiniň okuwçylary Ahmet Ahmedow we Alyhan Agamyradow bilelikde mynasyp boldy. Üçünji orny Aşgabat şäherindäki 34-nji orta mekdebiň okuwçysy Gülnur Durdyýewa eýeledi.

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň halkara işler boýunça hünärmeni Merjen Akyýewa bäsleşigiň ähmiýeti barada şeýle belledi: «Ýaşlarymyzyň ekologiýa we klimat temalaryna uly gyzyklanma bildirýändigi bizi buýsandyrýar. Olar ozon gatlagyny goramak we howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak boýunça nähili ädimleri ätmelidigini görkezýän täzeçil maketleri we taslamalary hödürlediler. Bu bäsleşik olaryň döredijilik ukybyny açyp görkezdi».

Bäsleşigiň ýeňijilerine guramaçylar tarapyndan taýýarlanan ýadygärlik sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy. Oňa gatnaşyjylara bolsa degişli sertifikatlar berildi.   

 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo