Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň guramagynda Zyňyndysyz dünýä üçin halkara güni mynasybetli orta okuw mekdepleriniň uçurym synp okuwçylarynyň arasynda geografiýa we ekologiýa derslerinden bäsleşik yglan edildi.
Bäsleşik şu ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçiriler. Oňa ýokary okuw mekdebiň umumybilim berýän hyzmatdaş orta okuw mekdepleriniň her birinden 6 uçurym synp okuwçysyndan ybarat bolan bir topar gatnaşyp biler.
Iňlis we rus dillerinde geçiriljek bäsleşigiň tapgyrlary alyp baryjy tarapyndan berlen sowallara kesgitlenen wagtda jogap bermek arkaly geçiriler (her soraga 1 minut wagt berilýär). Ýagny, bäsleşik 3 tapgyr bolup, jemi 36 sowaldan ybarat bolar (her tapgyr 12 sowaldan ybarat).
Şunlukda, bäsleşikde öýjükli telefonlardan, akylly sagatlardan, emeli aňyň mümkinçiliklerinden ýa-da degişlilikde bäsleşik bilen bagly edebiýatlardan peýdalanmak gadagan edilýär. Düzgüni bozan topardan degişlilikde jerime hökmünde 1 utuk aýrylar. Eger-de şeýle ýagdaý yzygiderli dowam etse, onda bu topar bäsleşikden çykarylar.
Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Eminler topary tarapyndan kesgitleniler.
Habarlaşmak üçin: +99361345275