«Silk Way Star» Aziýany birleşdirer: Astanada aýdym-saz şowhuny başlanýar

MilliInfo

19 Awgust, 2025

«Silk Way Star» Aziýanyň birinji wokal bäsleşigi bolup, 2025-nji ýylyň awgustynda Astanada (Gazagystan) geçýär.

Bäsleşige 12 ýurduň — Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Gruziýanyň, Malaýziýanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň hem-de Koreýa Respublikasynyň wekilleri gatnaşýar.

Aýdym-saz şowhunynyň ýazgylary 20-nji awgustdan başlanýar. Grand-final 22-nji noýabrda guralyp, ol «Jibek Joly»/«Silk Way» teleýaýlymynda hem-de bäsleşige gatnaşyjy ýurtlaryň öňdebaryjy ýaýlymlarynda hödürlener.

Taslama 10 ekizoddan ybarat bolar: 9 ýazgy edilen nusgada hem-de jemleýji grand-şowhun göni efirde. Tomaşaçylar ajaýyp duetlere, milli aýdymlaryň ýerine ýetirilmegine, kross-medeni taslamalara hem-de gatnaşyjylaryň emosional taryhyna garaşýarlar. Bir goýberilişiň hronometražy 100 minutdan gowrak bolup, onuň gazak, hytaý hem-de iňlis dillerinde görkezilmegine garaşylýar.

Başdaky dokuz epizodda Hytaýdan hem-de Merkezi Aziýa ýurtlaryndan professional eminleriň gatnaşmagynda çözgütler kabul ediler. Jemleýji tapgyrda bolsa sesleriň utgaşmasy ýeňijini kesgirleýär: 50% eminler we 50% tomaşaçylar.

Wokal bäsleşigine gatnaşyjylaryň arasynda diňe meşhur artistler däl, eýsem, başlangyç tapgyrdaky ýerine ýetirijiler hem bar. Türkmenistandan aýdymçy we kompozitor, «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi Döwran Şammyýew çykyş edýär.

«Silk Way Star» bäsleşiginiň grand-finaly «live-şöwhun» formatynda halkara görkezilişinde ýylyň möhüm aýdym-saz wakasy hökmünde geçer.

Bu taslama medeniýet hyzmatdaşlygyň we halkara dialogynyň saz arkaly ösmegine hyzmat edýän möhüm platforma öwrüler, ol täze zehinleri dünýä jemgyýetçiligine görkezer. Taslamanyň her bir sany diňe bir sahnalaşdyrylan tomaşa bolman, eýsem, Aziýanyň aýdym-saz däplerine we häzirki zaman akymlaryna hakyky döredijilik syýahatydyr.

«Silk Way Star» taslamasynyň görkezilişi «Jibek Joly», «Silk Way» hem-de «CCTV-3» teleýaýlymlarynda hödürlener. Taslamanyň auditoriýasynyň 1 milliard tomaşaçydan hem geçmegine garaşylýar.

 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo