«Sanly çözgüt – 2025» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigine arzalary kabul etmek dowam edýär

MilliInfo

14 Awgust, 2025

Türkmenistanda «Sanly çözgüt – 2025» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigine gatnaşmak üçin arzalaryň kabul edilmegi dowam edýär. Gatnaşmak boýunça bellige aldyrmak işini guramaçy hökmünde çykyş edýän edaranyň — «Türkmentelekom» kompaniýasynyň resmi saýtynda (telecom.tm) ýerine ýetirmek mümkindir.

Bäsleşik häzirki zaman ugurlarynyň giň toplumyny öz içine alýar. Şolaryň hatarynda emeli intellekt, robot tehnikasy we awtomatlaşdyrma, «akylly» oba hojalyk tehnologiýalary hem-de «akylly» şäher, sanly lukmançylyk we elektron bilim, hyzmatlar ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy bar.

Taslamalar birnäçe ölçeglerdir ugurlar boýunça bahalandyrylar: olaryň häzirki döwür üçin ähmiýeti, innowasionlygy, ykdysady taýdan netijeliligi, ulanylyş amatlylygy, dizaýn derejesi, şeýle-de başlanyşyk kodunyň elýeterliligi göz öňünde tutulýar. Bäsleşige aýratynlykda işleýän döredijiler bilen birlikde, üç adama çenli agzadan ybarat bolan toparlar gatnaşyp biler.

Nädip arza bermeli?

Bäsleşige gatnaşmak üçin gatnaşýan şahsyň (topar ýolbaşçysynyň) ýazmaça arzasynyň, maglumatynyň (agzalarynyň), pasportynyň çap edilen nusgalarynyň we hödürlejek taslamalarynyň mazmunynyň bolmagy zerurdyr. Onuň jemleri «Türkmentel – 2025» atly XVIII halkara sergisiniň hem-de  ylmy maslahatynyň  çäklerinde yglan ediler.

Bäsleşige gatnaşmak diňe bir öz taslamalaryňy görkezmek üçin däl, eýsem, mümkinçiligi uly bolan maýa goýujylaryň we döwlet edaralarynyň ünsüni ähmiýetli taslama çekmek üçin hem ajaýyp mümkinçilikdir. Bu bolsa Türkmenistanda innowasion ekoulgamlaryň ösüşine we sanly ykdysadyýet üçin hünärmenleriň taýýarlanylmagyna ýardam edýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo