«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap we awtorlyk hukugy güni mynasybetli «Bilelikde okalyň!» atly bäsleşik geçirilýär.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň «Parahatçylyk medeniýeti» atly ÝUNESKO kluby, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Berkararlyk etrap geňeşi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap we awtorlyk hukugy güni mynasybetli ýaýbaňlandyrylýan bäsleşigiň guramaçylary hökmünde çykyş edýärler.
Ol şu ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda guralýar. Iňlis dilinde geçiriljek bäsleşige ýokary okuw mekdepleriň her birinden jemi 3 (üç) gatnaşyjy (talyp/magistr) kabul edilip bilinýär.
Bäsleşige gatnaşmak üçin her talyp ýa-da magistr dünýä edebiýatyndan saýlanan eseri boýunça çykyş tekstini ugratmaly. Talyplaryň her biri dünýä edebiýatyndan saýlap alan bir eseri barada prezentasiýa taýýarlap (15 slaýddan köp bolmaly däl) çykyş etmeli. Her talyba çykyş etmek üçin 5 (bäş) minut wagt berilýär. Şeýlelikde, olaryň çykyşlarynyň aýratynlyklarynyň her bir bölegine 5 balla çenli bahalar berler:
prezentasiýanyň mazmuny – 5 balla çenli;
sözleýiş başarnygy – 5 balla çenli;
grammatik taýdan dürs sözleýşi – 5 balla çenli;
çykyş etmek ussatlygy – 5 balla çenli.
Jemi: 20 balla çenli.
Habarlaşmak üçin: +99312266160; tdimddk@gmail.com