Konor Makgregor Irlandiýanyň prezidenti wezipesine dalaşgärlik edýändigini yglan etdi

MilliInfo

«UFC-niň» rowaýata öwrülen ýyldyzy Konor Makgregor özüniň sosial media ulgamy arkaly Irlandiýanyň prezidentligine dalaş edýändigini mälim etdi. Bu habar dünýäniň sport we syýasy jemgyýetçiliginde uly seslenme döretdi. «Syýasata girmäge taýýarmysyňyz?» diýen sowala K.Makgregor: «Eýýäm gerekli sesleriň ählisini topladym» — diýip jogap berdi.

K.Makgregor özüniň sosial media hasabynda şeýle sözleri paýlaşdy:

«Gerekli sesleriň ählisini topladym. Irlandiýanyň çagyryşy eşidilýär. Men bu ýere halkyň ykbalyny özgertmek üçin geldim. Biziň syýasatymyza goşulanlar beýik halkymyzyň halasgärleri bolar. Irlandiýanyň köçelerinde alkyş sözleri aýdylyp, hereket ediler. Ýaşasyn, Irlandiýa!».

Ýeri gelende bellesek, ýurduň häzirki prezidenti Mişel Higgins 84 ýaşynda. Prezident saýlawlary şu ýylyň noýabrynda geçiriler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo