Konor Makgregor — Maks Helloueý: irland bürgüdi oktagona gaýdyp gelýär

MilliInfo
Konor Makgregor — Maks Helloueý: irland bürgüdi oktagona gaýdyp gelýär

12-nji iýulda ABŞ-nyň Las-Wegas şäherinde garyşyk söweş sungaty (MMA) boýunça «UFC 329» ýaryş agşamy geçiriler. Agşamyň esasy söweşinde guramanyň iki agram derejesi boýunça ozalky çempiony, irlandiýaly Konor Makgregor ýeňil agramyň (65 kg çenli) çempionlyk adynyň öňki eýesi, amerikaly Maks Holloweý bilen jogap duşuşygyny geçirer.

Ýeri gelende bellesek, Makgregor bilen Holloweý ozal hem duşuşypdylar. Olaryň arasyndaky birinji söweş 2013-nji ýylyň awgustynda «UFC Fight Night 26» ýaryşynyň çäginde geçirildi. Üç raund dowam eden tutluşyk eminleriň biragyzdan beren karary esasynda (30-27, 30-26, 30-27), irlandiýaly söweşijiniň ýeňşi bilen tamamlandy.

Konor Makgregoryň bäş ýyl bäri oktagona çykmandygyny ýatladýarys. Şol sebäpden hem, onuň nobatdaky duşuşygynyň nähili netije bilen jemlenjekdigi MMA janköýerleriniň ählisi üçin gyzykly.

Konoryň sport ýoluny professional ýeňişleriň 22-si bezeýär. Ol 6 gezek ýeňlişe sezewar bolupdy.

Maks Helloueýiň hasabynda bolsa 27 ýeňiş, 9 ýeňliş bar.

Nobatdaky tutluşygyň 12-nji iýulda Aşgabat wagty bilen 08:00-da başlanmagyna agaraşylýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info