«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky dynç günleriňiziň has-da şowhunly geçmegini isleýäňizmi? Onda şu gün — 3-nji awgustda Awazanyň «Älemgoşar» seýilgähinde geçiriljek konsertiň myhmany boluň!
Açyk asmanyň astynda geçiriljek konsertde ýurdumyzyň belli estrada ýyldyzlary Ýegen Ýegenow hem-de Berdimyrat Çowdurbaýew çykyş eder. Awazanyň jana şypaly howasy, joşgunly owazlar hem-de şadyýan gurşaw size ýatdan çykmajak dynç alşy bagyşlar.
Konsert sagat 19:30-da başlanýar. Guramaçylar ildeşlerimizi ýurdumyzyň gözel künjeginde geçiriljek konsertiň myhmany bolup, bu ýerde medeniýetli dynç almaga çagyrýarlar.
Konserte giriş tölegsizdir.
