Täze ýylyň ilkinji gününi şatlyk bilen başlamak bütin ýyly ruhubelentlikde geçirmegiňize täsirini ýetirer. Geljek ýylyň ilkinji gününde — 1-nji ýanwarda «BK-Mediashow» toparynyň aýdymçylarynyň hödürlejek şowhunly konserti hem sizi täze üstünliklere ruhlandyrar. Bu ýerde Meýlis Halbaýewiň söýgi aýdymlarynyň üstüni toparyň durmuş hakyndaky täsirli repleri ýetirer.
«Watan» kinokonsert merkezinde geçiriljek konsert 15:00-da hem-de 17:00-da başlanar.
Habarlaşmak üçin 92-18-65 hem-de 94-59-96 telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz!

