22-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent maksatlarynyň aýdyň ýollary» atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň doglan gününiň nurana senesini hem-de täze taryhy döwürde ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini dabaralandyrdy.
Aýdym-sazly dabara Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen halkymyzyň röwşen geljege tarap ynamly öňe barýandygyny açyp görkezýän ajaýyp çykyş bilen açyldy. Onda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen ägirt uly işler öz beýanyny tapdy.
Garaşsyz Watanymyzyň geljegi bolan ýaş türkmenistanlylaryň çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Konsert meşhur halk we estrada aýdymçylarynyň, aýdym-saz, folklor toparlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Çykyşlar Bitarap Türkmenistanyň okgunly ösüşlerini giňden açyp görkezýän wideoşekiller bilen utgaşdy.
Sungat ussatlarynyň ýürek joşguny, yhlasy we zehini tomaşaçylaryň giň goldawyna mynasyp boldy. Olar häzirki zaman liriki eserleri, halk köpçüliginiň söýgüsini gazanan halk aýdymlaryny, täze eserleri ýerine ýetirdiler. Tans toparlarynyň ýokary çeperçilikde ýerine ýetiren tanslary hem tomaşaçylarda aýratyn täsirleri galdyrdy.
Konsertde milli we daşary ýurt aýdym-saz sungatynyň ajaýyp nusgalary, dessanlardyr häzirki zaman eserleri ýaňlandy. Eziz Watanymyzy, onuň gözelligini wasp edýän joşgunly çykyşlar ýerine ýetirildi. Ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda geçen bu konsert döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz baglanyşygyny, sungat ussatlarynyň döredijilik ylhamyny giňden açyp görkezdi.
Dabara gatnaşyjylar konsertiň ajaýyp jemlenmesine öwrülen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletlilik ýolunyň waspnamasy bolan watançylyk aýdymyny ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Onda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oňyn döwlet syýasaty netijesinde ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine amala aşyrylýan beýik işler, türkmen halkynyň ruhubelentligi we watançylyk duýgusy, parahatçylyga hem-de döredijilige ygrarlylyk wasp edildi.














