«Köpetdag» döwlet tebigy goraghanasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar

MilliInfo

18 Awgust, 2026

«Köpetdag» döwlet tebigy goraghanasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar

Eziz Diýarymyzyň dag ekoulgamy täsinliklere baý bolup, ösümlikleriňdir ýabany haýwanlaryň müňlerçe görnüşini birleşdirýär. Keremli topragymyzyň täsin tebigy gymmatlyklaryny goýnunda jemleýän ajaýyp mekanlaryň biri hem «Köpetdag» döwlet tebigy goraghanasydyr. Merkezi we Gündogar Köpetdagyň özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsini, esasan-da, daglyk ýerlerde seýrek duş gelýän we ýitmek howpy abanýan ösümlikleriň, ýabany haýwanlaryň görnüşlerini ylmy taýdan öwrenmek hem-de gorap saklamak maksady bilen, 1976-njy ýylyň 19-njy awgustynda, ýagny laýyk 50 ýyl mundan ozal «Köpetdag» döwlet tebigy goraghanasy döredilýär. Bu barada «Watan» gazetinde çap edilen makalada beýan edilýär.

Her bir döwlet tebigy goraghanasynyň döredilmezinden ozal degişli çäklerde goraghananyň döredilmeginiň wajyplygy göz öňünde tutulyp, ylmy esaslandyrmalaryň ýazgylary geçirilýär. Şeýlelikde, «Köpetdag» döwlet tebigy goraghanasynyň çäklerinde ösümlikleriň seýrek duş gelýän, endemik, ýagny diňe kesgitli çäge mahsus bolan hem-de relikt — gadymy eýýamdan biziň günlerimize gelip ýeten gymmatly görnüşleriniň ýaýrandygy hasaba alynýar.

«Köpetdag» döwlet tebigy goraghanasynyň çäklerinde häzirki wagta çenli geçirilen ylmy barlaglaryň netijesinde bu ýerde ösümlikleriň 1200-den gowrak görnüşiniň ösýändigi tassyklanyldy. Tebigy goraghananyň çäklerinde oňurgasyz haýwanlaryň, ýagny möýleriň hem-de mör-möjekleriň 1000-den gowrak görnüşi, şeýle hem ýerde-suwda ýaşaýan jandarlaryň, süýrenijileriň, balyklaryň, guşlaryň, süýdemdiriji haýwanlaryň ençeme görnüşi duş gelýär.

Her ýyl «Köpetdag» döwlet tebigy goraghanasynda ylmy-barlag we gorag işleri meýilnamalaýyn esasda alnyp barylýar. Şeýle hem ilatyň arasynda tebigaty goramak hem-de baýlaşdyrmak bilen baglanyşykly wagyz-nesihat işleri ýaýbaňlandyrylýar. Goraghananyň edara binasyndaky «Tebigat muzeýi» raýatlaryň yzygiderli gezelenje gelýän ýerleriniň birine öwrüldi. Bu ýerde goraghananyň ylmy işgärleri diňe bir Köpetdagyň tebigaty däl, eýsem, ýurdumyzyň beýleki goraghanalarynyň gözellikleri barada-da gyzykly maglumatlary myhmanlara gürrüň berýärler.

Goraghanada geçirilýän ylmy barlaglaryň netijesinde ýylyň dowamynda gymmatly maglumatlar toplanýar. Ylmy maglumatlar bilen bagly netijeler goraghananyň «Tebigat ýyl ýazgysy» atly kitabynda çap edilýär. Häzirki wagtda döwrebap enjamlary peýdalanyp, maglumatlar gorunyň üsti ýetirilýär. Goraghanada ylmy işgärler gorag bölümiň işgärleri bilen bilelikde meýdan barlaglaryny geçirýärler. Meýdan şertlerinde ýabany haýwanlaryň ýaşaýan ýerlerini we sanyny hasaba almak we beýleki möhüm maglumatlary toplamak boýunça gorag bölüminiň döwlet gözegçileri üçin okuw sapaklary hem guralýar. Dürbi bilen uzak aralyklara syn edilip, ýabany haýwanlaryň ýaýran ýerlerine gözegçilik geçirilýär. Guşlaryň dürli görnüşleriniň ýaşaýan gaýalyklaryny bellige almak arkaly olaryň höwürtgeleýän ýerleri gözegçilikde saklanýar. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen görnüşlerden dag gerişlerinde höwürtge gurýan ütelgi, maslykçy, gajar, gara leglek, bürgüt we beýleki görnüşleriň goragy üpjün edilýär. Alajagaplaň, dag tekesi, dag goçy, gulan, keýik we beýleki jandarlary bilen bagly gözegçilikler goraghananyň Germap, Ruhabat, Mäne-Çäçe we Guýhowdan meýdançalarynda geçirilýär. Hereket duýujy ýörite enjamlaryň gurnalan meýdanlarynda ýabany haýwanlaryň surata alnan wideoşekilleriniň maglumatlary seljerilýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info