Futzal boýunça 2026-njy ýylyň esasy milli ýaryşy – Türkmenistanyň Naýbaşy ligasy başlandy.
Çempionlyk ugrundaky bäsleşige sekiz topar gatnaşýar. Olaryň üçüsi – «Köpetdag», «Senagatbank» we «Migrasiýa» toparlary Aşgabada, ikisi – «Deňizçi» we TNGIZT toparlary Balkan welaýatyna, galan üçüsi, ýagny «Farap», «Gümrükçi» we «Nesil» toparlary bolsa Lebap welaýatyna wekilçilik edýär.
Deslapky tapgyrda bäsdeşler iki toparça bölünen. «A» toparçada «Köpetdag», «Farap», «Senagatbank» we «Gümrükçi» toparlary, «B» toparçada bolsa «Deňizçi», «Nesil», «Migrasiýa» hem-de TNGIZT toparlary çykyş edýär.
Ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda, toparlar birinji tapgyrda toparçalarda iki aýlaw oýnarlar. Bu tapgyryň duşuşyklary Lebap we Mary welaýatlarynda geçer. Deslapky tapgyryň netijeleri boýunça her toparçadan iki sany iň gowy topar gös-göni jemleýji aýlawa çykar. Galan toparlar bolsa 5-nji we 6-njy orunlar ugrunda goşmaça ýaryşda bäsleşerler. Bu olara jemleýji tapgyrdaky bäsdeşler bilen birleşmäge mümkinçilik berer.
Şeýlelikde, jemleýji aýlaw alty toparyň gatnaşmagynda güýzde dört aýlawda geçer. Onuň netijesine görä-de, futzal boýunça Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky çempiony kesgitlener.
Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň 1-nji tapgyrynyň duşuşyklary
«A» toparçada «Köpetdag» uly hasap bilen (9:1) «Farap» toparyndan üstün çykdy. «Gümrükçi» bolsa «Senagatbank» toparyny 7:6 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.
«B» toparçada «Deňizçi» «Nesil» toparyndan (7:1), TNGIZT bolsa «Migrasiýa» toparyndan (7:5) üstün çykdy.
Geçen ýylky birinjiligiň netijeleri boýunça «Köpetdag» topary bäşinji gezek Türkmenistanyň futzal boýunça çempiony bolupdy. Özi-de soňky dört gezekde – ýurdumyzyň Naýbaşy ligasynyň çäginde. Kümüş medal «Deňizçi» toparyna, bürünç medal bolsa bu ýyl Naýbaşy liga gatnaşmaýan «Ahal» toparyna miýesser bolupdy.