Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Köpetdag» topary ýurdumyzyň Naýbaşy futzal ligasynyň ýeňijisi boldy. Jemleýji — 20-nji tapgyrda «Senagatbank» topary bilen duşuşan «Köpetdag» garşydaşyndan 5:3 hasabynda ýeňlendigine garamazdan, toplan 46 utugy bilen ýaryş tertibini birinji orunda tamamlady.
37 utuk toplan «Deňizçi» topary çempionaty ikinji orunda jemledi. «Ahal» topary 31 utuk bilen üçünji ýeri eýeledi.
Baýrakly orunlara mynasyp bolan toparlara sylaglaryny gowşurmak Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Baş sekretary Serdar Geldiýewe, TFF-niň Başlygynyň orunbasary Nazar Çöliýewe hem-de TFF-niň Tehniki direktory Röwşen Meredowa ynanyldy.
20-nji tapgyryň netijeleri:
«Deňizçi» – TNGIZT – 4:1
«Ahal» – «Migrasiýa» – 0:3 (teh.ý.)
«Köpetdag» – «Senagatbank» – 3:5
