Koreýa Respublikasynyň ilçisi Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýar

MilliInfo

11-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ji Kýu-Tek bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň häzirki derejesine we geljekki mümkinçiliklerine baha berildi. Diplomatlar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň ösüş meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Koreýa Respublikasynyň ilçisine ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine goşan goşandy üçin minnetdarlygyny bildirdi hem-de geljekki işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Öz gezeginde ilçi özüniň diplomatik missiýasyny amala aşyrmakda beren ählitaraplaýyn goldawy we ýardamy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo