Gündogar–Günbatar geçelgesi we energetika: Türkmenistan hem Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary

MilliInfo

25-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti hanym Odil Reno-Basso bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar maliýe-maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ministr R.Meredow ykdysady ösüş strategiýasyny amala aşyrmagyň çäklerinde Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge, şol sanda abraýly maliýe institutlary we karz-bank düzümleri bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurduň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti nygtaldy.

Bankyň prezidenti ýolbaşçylyk edýän maliýe düzüminiň özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Halkara Gündogar–Günbatar ulag geçelgesini döretmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmek meselesine aýratyn üns berildi. Türkmen tarapy bu ugurda başlangyçlara gatnaşmak boýunça Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny tassyklady.

Şeýle hem ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda energetika pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek bellenildi. Bu babatda durnukly energetika ulgamynda durmuşa geçirilýän taslamalara Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň gatnaşmagy üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler hem-de birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info