Oleg Kononenko «Прогресс» gämisini Halkara kosmos stansiýasy bilen elde utgaşdyrmak boýunça başarnyklaryny kämilleşdirdi

MilliInfo

2 sagat öň

76-njy uzak möhletli ekspedisiýanyň ätiýaçlyk ekipažynyň komandiri Oleg Kononenko Halkara kosmos stansiýasyna ugrajak ýük gämisini teleoperator düzgüninde dolandyrmak boýunça türgenleşik geçdi. «TASS» agentliginiň habaryna görä, bu tertip «ýük» gämisiniň stansiýa bilen awtomatiki ýakynlaşanda adaty bolmadyk ýagdaýlar ýüze çykan halatynda işjeňleşdirilýär.

Türgenleşigiň dowamynda kosmonawt bortdaky sanly hasaplaýyş enjamynyň näsazlygy we dolandyryş monitorynda maglumatlaryň «doňup galmagy» ýaly çylşyrymly ýagdaýlaryň emeli ýagdaýda döredilen görnüşlerini üstünlikli çözdi. Degişli barlaghananyň ýolbaşçysy Andreý Sawinsewiň düşündirmegine görä, ekranda ölçegler «doňan» ýagdaýynda ekipaž Ýer bilen ylalaşyp, ulgamy gyssagly täzeden işe girizmeli we birleşmek prosesine gözegçiligi dikeltmeli bolýar.

Bäş gezek kosmos uçuşyny amala aşyran tejribeli kosmonawt Oleg Kononenko instruktoryň girizen ähli näsazlyklaryny takyk anyklap, howpsuz utgaşdyrmak üçin zerur ädimleri üstünlikli ýerine ýetirdi.

Ozalky Çärjew şäherinde (häzirki Türkmenabat) doglan Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany Oleg Kononenko ilkinji uçuşyny 2008-nji ýylda Halkara kosmos stansiýasyna amala aşyrdy. Ol orbitada geçirilen umumy wagty boýunça dünýä rekordynyň eýesidir — 1 110 gün 14 sagat.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info