Portugaliýanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda geçiren gollarynyň sany boýunça rekordy goýdy.
Portugaliýalylar 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň çäginde Wengriýanyň garşysyna geçirilen duşuşygy 2:2 hasabynda deňlikde tamamladylar. Ronaldu 22-nji we 45-nji minutlarda tapawutlanmagy başardy. Netijede hüjümçi saýlama tapgyrlarda geçiren gollarynyň sanyny 41-e ýetirdi. Bu görkeziji boýunça ol Gwatemalanyň ýygyndysynyň 2017-nji ýylda karýerasyny tamamlan oýunçysy Karlos Ruisden (39 gol) öňe geçdi. Bu sanawyň üçünji ornunda argentinaly Lionel Messi barýar, onuň saýlama oýunlarynda geçiren gollarynyň sany — 36.
Şunlukda, 10 utuk toplan Portugaliýanyň ýygyndysy toparçasynda öňdeligi elden bermeýär. Wengriýa 5 utuk bilen ikinji orunda barýar. Ermenistany kiçi hasap bilen ýeňen Irlandiýa bolsa şondan soňky orny eýeleýär (4 utuk). Saýlama tapgyrynyň tamamlanmagyna iki oýun galýar.

