Geçen agşam «Damak» toparyny 4:1 hasabynda ýeňlişe sezewar eden «Al‑Nassr» 85 utuk bilen Saud Arabystanynyň çempiony boldy. Bu Ronaldunyň arap toparyndaky ilkinji uly üstünligidir.
41 ýaşyndaky portugaliýaly ýyldyz bu oýunda dubl etmegiň hötdesinden geldi. Mundan başga-da, Sadio Mane hem-de Kingsli Koman tapawutlandy.
Karýerasyndaky 972-nji hem-de 973-nji gollaryny geçiren Ronaldu ikinji netijeli urgusyndan soň, gözýaşlaryny saklap bilmedi.
Şeýlelikde, «Al‑Nassr» 10-njy gezek Saud Arabystanynyň çempiony hökmünde bellige alyndy.