Kriştianu Ronaldu üçünji gezek Ýakyn Gündogaryň iň gowy futbolçysy diýlip yglan edildi

MilliInfo

4 sagat öň

«Al-Nassr» klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu «Globe Soccer Award» tarapyndan 2025-nji ýylda Ýakyn Gündogaryň iň gowy futbolçysy diýlip yglan edildi. Portugaliýaly futbolçynyň eýe bolan baýragy 28-nji dekabrda Dubaýda geçirilen dabarada gowşuryldy.

Ýakyn Gündogaryň iň gowy futbolçysy bolmak ugrundaky ses berlişigiň final bölegine Karim Benzema («Al-Ittihad»), Salem Al-Dosari («Al-Hilal») we Riýad Mahrez («Al-Ahli») ýaly meşhur futbolçylar hem gatnaşdy.

«Ýyly jemlemek — ajaýyp bir pursat. Maksatlaryma ýetmek üçin hemişeki ýaly uly hyjuw, irginsiz yhlas hem-de hakyky teşnelik bilen karýeramy dowam etdirýärin. Şu ýyl maňa goldaw berenleriň hemmesine sagbolsun aýdýaryn!» — diýip, Ronaldu Instagram sahypasynda paýlaşdy.

«Globe Soccer Awards» — bu futbol äleminde iň uly üstünlikleri gazanan şahsyýetleri kesgitleýän her ýylky sylaglaýyş dabarasy. Bu ýerde dürli ugurlar boýunça ýeňijiler ses bermek arkaly kesgitlenilýär.

2025-nji ýylda «Al-Nassryň» hüjümçisi karýerasynda 14-nji gezek bir senenama ýylynda 40 gol geçirmegiň hötdesinden geldi. Şu möwsümde onuň topary Saud Arabystanynyň çempionatynyň ilkinji 10 tapgyrynda mümkin bolan 30 utukdan 30-syny hem toplap, ýaryş tertibinde birinji orunda durýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info