Şu agşam taryhda birinji gezek futbol boýunça dünýä çempionatynda çykyş edýän Özbegistanyň futbol boýunça milli ýygyndy topary dörtýyllygyň futbol baýramynda çempionlyga birinji dalaşgär hasaplanýan Portugaliýanyň ýygyndysynyň garşysyna çykýar.
Gyzykly duşuşyk Aşgabat wagty bilen 22:00-da başlanýar.
Hýustanyň 71 500 orunlyk «En-Er-Ji Stedium» stadionynda geçiriljek oýun bütin Merkezi Aziýanyň futbol muşdaklarynyň üns merkezinden ornuny tapar.
Bu oýna «Türkmenistan.Sport» teleýaýlymynda göni efirde tomaşa edip bilersiňiz.
Ýogsa-da, siz bu duşuşykda adyny futbolyň taryhyna altyn harplar bilen ýazan Kriştianu Ronaldu janköýerlik edersiňizmi ýa-da Merkezi Aziýanyň abraýly futbol baýramçylygynda ilkinji gezek çykyş edýän ýygyndysyna?
