«Altyn top» baýragynyň eýesi kim bolar: Mbappe, Ýamal, Garri Keýn, Messi ýa-da başga biri?

MilliInfo

2 sagat öň

«Altyn top» baýragynyň eýesi kim bolar: Mbappe, Ýamal, Garri Keýn, Messi ýa-da başga biri?

«France Football» žurnaly 2026-njy ýylyň «Altyn top» baýragyna dalaşgärleriň sanawyny yglan etdi. Sanawa möwsümde iň gowy çykyş eden 30 futbolçy girizildi. Indi esasy sowal — iň abraýly şahsy futbol baýragyna kimiň eýe boljakdygy.

Baýragyň esasy dalaşgärleriniň biri — Garri Keýn. Angliýaly hüjümçi möwsümi örän ýokary derejede geçirdi: çykyş edýän klubunda we milli ýygyndysynda jemi 73 gol geçirdi. Ol «Bawariýa» bilen Germaniýada üç kubogyň eýesi boldy, şeýle-de dünýä çempionatynda alty gezek tapawutlandy. Keýn Maýkl Owen­den (2001-nji ýyl) soň «Altyn top» baýragyny gazanan ilkinji iňlis futbolçysy bolup biler.

Kilian Mbappe hem baýragyň esasy dalaşgärleriniň hatarynda. Fransiýaly hüjümçi dünýä çempionatlarynyň taryhynda iň köp gol geçiren futbolçy boldy — 22. Şeýle-de futbolçynyň özi bu ýyly «Altyn top» üçin göreşde ýeňiş gazanmak üçin amatly pursat hasaplaýandygyny aýtdy.

Aýratyn üns Lamin Ýamala gönükdirilýär. Ispaniýaly ýaş ýyldyz «Barselona» bilen içerki ýaryşlarda üstünlikli çykyş etdi, milli ýygyndysynyň düzüminde bolsa dünýä çempiony boldy. Ýamal bu baýrak üçin yzly-yzyna ikinji ýyl esasy dalaşgärleriň biri hökmünde görkezilýär.

Sanawda Lionel Messi hem bar. «Altyn top» baýragynyň sekiz gezek eýesi «Inter Maýami» we Argentinanyň milli ýygyndysy bilen üstünlikli möwsüm geçirdi. Messi dünýä çempionatynda Argentinanyň milli ýygyndysy bilen finala ýetdi. Ol taryhda ilkinji gezek dokuzynjy «Altyn top» baýragyny gazanyp biler.

Geçen ýyl baýragyň eýesi bolan Usman Dembele hem ýene-de dalaşgärleriň sanawyna girizildi. Mundan başga-da, sanawda Erling Holand, Jud Bellingem, Winisius Žunior, Rodri, Witinýa we dünýä futbolynyň beýleki ýyldyzlary bar.

«Altyn top» baýragynyň gowşurylyş dabarasy 2026-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda Londonda geçiriler. Bu ýylky çäre baýragyň taryhynda aýratyn ähmiýete eýe bolar — «Altyn topuň» gowşurylyş dabarasynyň 70 ýyllygy belleniler.

30 futbolçyly sanaw

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info