Kuala-Lumpurda çekilen bijeler «Ahalyň» AFK-nyň Çagyryş ligasyndaky toparçasyny kesgitledi

MilliInfo

20 Awgust, 2026

Kuala-Lumpurda çekilen bijeler «Ahalyň» AFK-nyň Çagyryş ligasyndaky toparçasyny kesgitledi

AFK-nyň Çagyryş ligasynyň 2026/27-nji ýylyň möwsüminiň toparçalaýyn tapgyryndaky duşuşyklaryň tertibi aýan edildi. Bijeler Türkmenistanyň «Ahal» toparynyň Günbatar zolagynyň «A» toparçasynda çykyş etjekdigini görkezdi. Toparçanyň oýunlary merkezleşdirilen görnüşde Butanda geçer.

Şunlukda, türkmen topary Liwanyň «Al-Ansar», Siriýanyň «Al-Ittihad» we Butanyň «Paro» klublary bilen bir toparçada bäsleşer.

«Ahalyň» toparçadaky duşuşyklary:

  • Birinji tapgyr

«Ahal» – «Paro». 17-nji oktýabr

  • Ikinji tapgyr

«Al-Ittihad» – «Ahal». 20-nji oktýabr

  • Üçünji tapgyr

«Ahal» – «Al-Ansar». 25-nji oktýabr

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info