TFF-niň Kubogy: «Arkadag» topary wagtyndan öň ýarymfinala çykmagy başardy

MilliInfo

7 Mart, 2026

6-njy martda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň çäginde «B» toparçada geçirilen duşuşyklar bilen 2-nji tapgyr jemlendi.

Mary şäheriniň «Merw» topary bilen duşuşan paýtagtymyzyň «Aşgabady» garşydaşyndan 2:0 hasabynda üstün çykdy. Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy toparyny (U20) 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar eden «Arkadag» topary Kubok bäsleşigindäki ikinji ýeňşini gazandy. Şeýlelikde, geçirilen duşuşyklardan soň 6 utuk toplan «Arkadag» topary wagtyndan öň ýarymfinala çykmagy başardy. 3 utuk toplan «Aşgabat» topary 2-nji orny eýeleýän bolsa, her biri 1 utukdan toplan «Merw» bilen Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy topary 3-nji we 4-nji orunlarda ýerleşdiler.

Şu gün — 7-nji martda TFF-niň Kubogynyň «A» toparçasynda bäsleşýän toparlar üçünji tapgyryň duşuşyklaryny geçirerler: «Ahal» - «Nebitçi», «Şagadam» – «Köpetdag». Bu toparçada 4 utukdan toplan «Ahal» hem-de «Şagadam» toparlarynyň öňdäki orunlary eýeleýändiklerini ýatladýarys.

Ýeri gelende bellesek, deslapky tapgyrda toparlar iki toparçada — «A» we «B» toparçalarynda bäsleşýärler. Her toparçada ilkinji iki orny eýelän toparlar ýarymfinala çykmaga hukuk gazanar. 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info