8 altyn, 8 kümüş we 4 bürünç medal — kikboksing boýunça tamamlanan Dünýä kubogynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň gazanan üstünlikleri. Ýaryş 10–15-nji mart aralygynda Italiýanyň Jesolo şäherinde geçirildi.
«Italian Kickboxing World Cup 2026» ýaryşy dünýäniň 47 döwletinden 4 müň töweregi türgeni bir ýere jemledi. Toparyň üstünlikli çykyş etmegine baş tälimçi Aleksandr Snagowskiniň ýolbaşçylygyndaky tälimçiler topary, şeýle hem onuň kömekçileri Ýazberdi Paýanow bilen Çary Çaryýew möhüm goşant goşdy. Ýaryşa wekilçilik eden türkmen toparyna Allanazar Baýlyýew ýolbaşçylyk etdi.
Altyn medal gazanan türgenler:
Rustamow Rasul — 51 kg (K-1)
Döwletgeldiýew Gündogdy — 54 kg (Low kick)
Musaýew Şageldi — 54 kg (Low kick)
Atamyradow Atajan — 57 kg (Low kick)
Mätiýew Hydyr — 63,5 kg (Full contact)
Geldimämmedow Raşid — 67 kg (Low kick)
Bazarow Narzulla — 75 kg (Low kick)
Geldimämmedow Hajymyrat — 86 kg (Full contact)
Kümüş medal gazananlar:
Meredow Eziz — 51 kg (Low kick)
Ýazberdiýew Ýazberdi — 54 kg (Full contact)
Babaýew Bezirgen — 54 kg (Low kick)
Myratlyýew Omar — 57 kg (Low kick)
Silabow Pygy — 57 kg (Full contact)
Aşyrmuratow Ýalkap — 63,5 kg (Full contact)
Rahmetow Yslam — 71 kg (Low kick)
Akyýew Akmyrat — 75 kg (Full contact)
Bürünç medal gazananlar:
Babaýew Selimberdi — 54 kg (Low kick)
Mürrükow Mekan — 54 kg (Low kick)
Mämmetgeldiýew Rahymberdi — 63,5 kg (Low kick)
Begmämmedow Mekan — 67 kg (Full contact)
Türkmen kikboksçylarynyň şeýle abraýly ýaryşda gazanan üstünlikleri milli ýygyndy toparymyzyň ýokary taýýarlygyny we halkara derejesindäki bäsdeşliklerde netijeli çykyş etmäge ukyplydygyny ýene bir ýola tassyklady.