Türkmenistanyň Kubogynyň çärýek finallarynyň wagty geldi: Duşuşyklaryň tertibi

MilliInfo

22 sagat öň

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň futbol möwsümi iň gyzykly tapgyrlaryň birine gadam basýar. Ertir — 6-njy maýda ýurdumyzyň futbol meýdançalarynda Türkmenistanyň Kubogynyň çärýek finalynyň ilkinji duşuşyklary geçiriler.

Janköýerleriň ünsi «Ahal» we «Nebitçi» toparlarynyň arasyndaky oýna gönüger. Bu duşuşygyň örän çekeleşikli bolmagyna garaşylýar: sebäbi «nebitçileriň» häzirki düzüminde ozal «Ahalyň» sport abraýyny goran köp sanly futbolçylar çykyş edýär, şolaryň hatarynda zehinli hükümçi Elman Tagaýew hem bar. Olaryň köpüsi üçin öňki klubuna garşy oýnamak uly synag bolar, bu bolsa duşuşyga özboluşly gyzyklylyk we duýgy dartgynlylygyny çaýar.

Häzirki tapgyrda toparlar ýarym finala çykmak ugrunda göreşe başlaýarlar.

Türkmenistanyň Kubogynyň 1/4 finalynyň ilkinji duşuşyklarynyň tertibi (06.05.2026):

«Şagadam» – «Köpetdag»

  • Geçirilýän ýeri: «Şagadam» stadiony (Türkmenbaşy ş.)

  • Sagat: 17:00

«Altyn Asyr» – «Aşgabat»

  • Geçirilýän ýeri: «Sport toplumy» (Aşgabat ş., Büzmeýin etraby)

  • Sagat: 17:45

«Ahal» – «Nebitçi»

  • Geçirilýän ýeri: «Aşgabat» stadiony (Aşgabat ş.)

  • Sagat: 18:00

«Arkadag» – «Merw»

  • Geçirilýän ýeri: «Nusaý» stadiony (Aşgabat ş.)

  • Sagat: 18:00

Ähli janköýerler stadionlara baryp, öz söýgüli toparlaryny goldap bilerler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info