Wenada 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan medeni çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan BMG-niň Wenadaky bölüminde, Türki döwletleriň guramasynyň Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde guraldy.
Çäräniň öňüsyrasynda guralan sergide türkmen dokma önümleri, milli lybaslary, halylary, halk senetçileriniň önümleri, kümüş şaý-sepleri, şeýle hem ahalteke bedewleriniň şekilleridir suratlary görkezildi. Bu eksponatlar türkmen amaly-haşam sungatynyň baýdygyny we bedewiň çuň medeni ähmiýetini açyp görkezmek bilen, 2026-njy ýylyň şygarynyň mazmunyny şöhlelendirdi.
Serginiň açylyş dabarasyna Türki döwletleriň guramasynyň Baş sekretary, BMG-niň Wenadaky bölüminiň wekilleri, diplomatik wekilhanalaryň agzalary we beýleki myhmanlar gatnaşdylar. Ilçihana Türkmenistanyň medeni dialogy ösdürmäge we türki dünýäsinde hyzmatdaşlygy berkitmäge ygrarlydygyny belledi.