Watanymyzyň medeni mirasy Buharestde geçen sergide görkezildi

MilliInfo

1 sagat öň

9-njy iýunda Buharest şäherindäki Milli rumyn daýhançylyk muzeýinde Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy tarapyndan guralan «Türkmenistan: Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy – mirasyň we medeniýetiň baýramy» atly medeni serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy hem-de 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygary mynasybetli guraldy.

Açylyş dabarasyna diplomatik korpusyň, döwlet edaralarynyň, ylym we medeniýet ulgamlarynyň, işewür toparlaryň, türkmen talyplarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu ýerde edilen çykyşlarda Türkmenistanyň milli medeni mirasy gorap saklamak, halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek we medeniýetara dialogy pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan işleriniň ähmiýeti bellenildi.

Sergide milli amaly-haşam sungatynyň nusgalary, haly önümleri, milli egin-eşikler we şaý-sepler, fotosuratlar hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gazananlaryna bagyşlanan neşirler görkezildi. Gözden geçiriliş türkmen halkynyň baý medeni mirasyny we onuň umumadamzat ruhy gymmatlyklaryna goşýan goşandyny şöhlelendirdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info