Eýranyň Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezi matanyň ýüzüne surat çekmek (nakyş çekmek) kurslaryna kabul edişligiň başlanýandygyny yglan etdi. Sapaklary mugallym Zahra Sadat Hoseýnizade geçirer.
Okuwyň maksatnamasy 30 akademiki sagatdan ybaratdyr. Gatnaşyjylara okuwyň iki sany görnüşi hödürlenýär: dowamlylygy 2,5 sagat bolan 12 sapak ýa-da dowamlylygy 3 sagat bolan 10 sapak. Sapaklar anna günleri geçiriler — saýlanyp alnan topara baglylykda, okuwlar irden (10:00) ýa-da öýlän (17:00) sagatlarynda bolar.
Kurslaryň 24-nji iýulda başlanmagy meýilleşdirilýär. Okuwlaryň takyk tertibi gatnaşyjylary hasaba alyş işleri tamamlananyndan soň kesgitleniler.
Goşmaça maglumat almak we kurslara ýazylmak üçin şu telefon belgisine jaň edip bilersiňiz:
93-42-11.
